Söwda merkeziniň maksady: Türkmenistanyň daşary söwda işlerini giňeltmek, daşary ýurt bazarlarynda hemişelik isleg bildirilýän harytlaryň importynyň göwrümini we görnüşlerini ösdürmek. Daşary söwda gatnaşyklary şertnamalary dürli eýeçilikdäki dünýäniň dürli kompaniýalarynyň arasynda şertnamalar baglaşylýar, ýagny: Türkiýe, Russiýa, Owganystan, Beýik Britaniýa, Ermenistan. Import boýunça içerki sarp edijilere gerek bolan azyk harytlary – şeker, ak tüwi, goýadylan şekerli süýt, doňdurylan towuk budy, günebakar ýagy satyn alynyp we içerki bazarlara paýlanýardy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň talaplaryna esasynda, haryt alyş-çalyş işlerinden başgada, ilaty jemgyýetçilik iýmiti önümleri bilen üpjün etmek baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin jemgyýetçilik iýmitini guramagy kämilleşdirmek, ilata hödürlenýän jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň görnüşlerni köpeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barmak esasy maksat bolup durýar. “Joşgun” söwda merkezinde 140 orunlyk ýerli bir sany restoran bar. Türkmenistan döwletimiziň Garşsyzlygyny gazanmagy bilen, soňra-da Bitaraplyk statusyny almagymyz ýurdumyzda durnukly syýasy we ykdysady ýagdaý döredildi, hukuk binýadynyň hem ýokary derejede işlemegi söwda merkeziniň işine iň oňaýly täsir etdi. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, abraý-mertebesi has-da beýgeldi. Türkmenistanyň halkara guramalarynyň derejesinde yzygiderli gazanýan oňyn netijeleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.